Angliýanyň Wiweliskomb şäherjiginden pensiýoner Çarlz Poul öz ekininden
XIII asyr köşgüniň galyndylaryny tapdy.
Poul bu tapyndyny ekinde özi üçin kiçijik jaý gurluşygyna başlanynda
tapdy. SWNS habaryna görä ol öňden uly maşgala bolup ýaşalan uly jaýyny satyp
täze guruljak kiçijik öýünde ýaşamagy meýilleşdirýärdi.
Görnüşinden, tapylan harabalyklar bir wagtlar orta asyr ýepiskop köşgi
bolupdyr. Ol XVIII asyra çenli weýran bolupdyr, diýip South West Heritage
Trust wekili žurnalistlere aýtdy.
Poul tapyndydan hoşal däl, sebäbi kanun boýunça indi gurluşyk
togtadylmaly. Pensioner arheologik gözleg üçin 15 müň funt boljak tölemeli bolar
we jaýynyň gurluşygyny belli bir möhlete yza süýşürmeli bolar.
Angliýaly bir pensioner öz ekininden gadymy köşk tapdy
