Ýerdäki iň uly we iň gymmat hususy jaý, gapma-garşylyklaryň ýurdunda –
Hindistanda ýerleşýär. Aslynda, jemgyýetiň gatlaklaryna gezek gelende, gapma-
garşylygyň ajaýyp mysaly hökmünde çykyş edýär.
Mumbaýdaky, Kumballa Hill raýony iň abraýly ýerleriň biridir. Hut şu ýerde
şöhratparazlyk dagy görünýär ýagny – dünýädäki iň uly we iň gymmat jaý.
Jaýyň eýesi, dünýäniň iň baý adamlaryndan biri, Aziýanyň iň baý adamy
Mukeş Ambani. 2018-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli onuň baýlygy 48,6 milliard
dollar diýlip çaklanylýar.
Maşgalasy üçin bu jaýyň gurluşygy 2010-njy ýylda tamamlandy. Depesini
göge direýän binanyň adyna Atlantik ummanyndaky mifiki jennet adasynyň
hormatyna "Antiliýa" dakyldy.
Boýy bir ýüz ýetmiş üç metr, umumy meýdany otuz ýedi müň inedördül
metrden gowrak! Aslynda, beýiklik 60 gatly binada gabat gelýär, ýöne eýeleriniň
beýik potoloklara bolan söýgüsi sebäpli 27 gat bolup çykdy.