Lukmanyň pikiriçe, esasy howp süýji miweleriň düzüminde bolan fruktozada
jemlenýär. Bu polisaharidiň aşa köp sarp edilmegi, ganyň holesteriniň derejesiniň
ýokarlanmagyna, zäherli wisseral ýagyň döremegine we metabolik bozulmalara
sebäp bolýar.
Hünärmen, iň köp mukdarda fruktoza bolany üçin, aşa bişen we ýumşak
miwelerden gaça durmalydygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, haýsy miwäniň
bolmagy möhüm däl: gaty ýumşak bolsa we eýýäm duran bolsa, bu miwe erbet. Az
mukdarda suwy öz içine alýan gaty miweleri saýlamaly.
Mundan başga-da, kiwi, ananas, banan we mango ýaly ekzotik miweleri köp
iýmek maslahat berilmeýär. Olary iýeniňizden soň, allergiki täsirlilik ähtimallygy
ýokarydyr.
Şeýle hem, lukman bedende fermentasiýa köpelmegine sebäp bolup biljek
miweler, mysal üçin sitrus miweleri hem köp iýmek maslahat bermeýär. Bu
miweleriň köpüsinde birmeňzeş häsiýet bar: üzüm, gara smorodina we esasanam
gül.