Bitkoin bahasy kriptowalýutalaryň taryhynda birinji gezek 60 müň dollardan
geçdi. Bir gije-gündizde bitkoin 6% gymmatlady. Kriptowalýutanyň bahasy
boýunça mundan öňki rekord 21-nji fewralda hasaba alyndy. Şonda bir bitkoiniň
bahasy 58 müň dollara deň boldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, bitkoin 2017-nji ýylda kriptowalýutalara
gyzyklanmanyň artmagy netijesinde bir ýylda 20 esse gymmatlady. Şondan soň
onuň kursy tiz peseldi. 2018-nji ýylyň iýun aýynda bitkoin bahasy 6 müň dollardan
gymmatlady. 2019-njy ýylyň başynda onuň bahasy 3,5 müň dollara çenli peseldi.
Şondan soňra bitkoin bahasy artmagy başardy.
Mundan bir ýyl öň – 2021-nji ýylyň 13-nji martynda bitkoin bahasy iň pes
görkezijä düşüp, 4 müň dollara ýetipdi. Şondan soňra onuň bahasy durnukly ösdi.
Mart aýynyň ahyryna çenli 6,8 müň, 2020-nji ýylyň ortalarynda – 9,2 müň, 2021-
nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 29 müň dollara ýetdi.
Geçen ýylyň dekabr aýynda bitkoin bahasy 5 müň dollara köpelipdi. 16-njy
dekabr güni kriptowalýutanyň bahasy ilkinji gezek bir günüň içinde 12%
gymmatlady. 20 müň dollar geçdi. 21-nji dekabr güni bitkoin kursy 24 müň
dollardan geçdi. 26-njy dekabr güni bolsa bitkoin bahasy ilkinji gezek 25 müň
dollar bahalandy.