Fransiýanyň “Hermes” moda öýi ekologik taýdan arassa önümleri öndürýän
kompaniýa – “MycoWorks” bilen hyzmatdaşlyk edip başlady. Bu barada
“Esquire” habar berýär. Olar bilelikde kömelek mitseliýasyna esaslanýan tebigy
derä meňzeş materiallardan “Victoria” torba modelini çykarar.
“Sylvania” diýip atlandyrylan kompaniýanyň täze tikilen torbasy örän näzik
kömelekleriň derisi hasaplanýar. Derini öndürmek üçin mitseliý ýörite azyklyk
gurşawda ösdürilýär. Ol ýerde ýylmanak gatlak emele getirilýär. Soňra guradylýar
we gaýtadan işlenilýär. Adatça, moda öýüniň däp bolup gelýän tehnologiýalary
boýunça Hermes hünärmenleri tarapyndan birnäçe wagtdan bäri deri üçin
ulanylýan material taýýarlanan we boýalandyr.
Fransuz brendiniň esasy wekilleriniň biri, “Hermes” modalar öýüniň müdüri
Per-Aleksis Dýuma täze ňnüm barada şeýle gürrüň berýär: “Kömelek derisiniň
emeli usully önüminiň hili we görnüşi tebigysyndan kem däl. ‘MycoWorks”-yň
garaýyşlary we däpleri “Hermes”-iň tebigy çig mallara bolan islegini, ýokary hil
derejesini, önümleriň çydamlylygyny we durmuşylygyny üpjün etmek bilen
birleşýär”.