Amerikaly astranawtlar Wiktor Glower we Maýkl Hopkins işlerini ýerine
ýetirmek üçin Halkara kosmik stansiýa (HKS) bortunda açyk kosmosa çykdy. Bu
barada NASA maglumatlaryna esaslanyp, “Interfaks” habar berdi.
ABŞ-nyň gündogar ýarymşar wagty bilen sagat 08:14-de (Aşgabat wagty
bilen 18:14) KÝUEST modulyndan çykdy. Ol takmynan 6,5 sagat dowam etdi.
Sowadyjy ulgamynyň netijeliligini artdyrmak üçin astranawtlar täze kabeller
ornaşdyryldy. Elektr kabelleri Ýewropanyň Columbus modulyndaku Bartolomeo
platformasyna baglamagy gerek. Astranawtlar 2021-nji ýylyň 28-nji fewral güni
açyk kosmosa çykanda mehanik meseleler sebäpli bu wezipäni ýerine ýetirmegiň
alajy bolmady.
Şeýle-de, olar Unity modulyndaky simsiz antennany çalyşmagy, lýuk
açylanda “uçup gitmegi” ýol goýmazlyk üçin KÝUEST termal gapagyna direg
ornaşdyrmagy, mundan daşary, stansiýada iki ýokary anyklykdaky kameralary
internete birikdirmek üçin kabelleri ornaşdyrmagy gerek. Topar agzalarynyň 2021-
nji ýyl hasabyndan HKS-dan dördünji gezek, bütin taryh boýunça bolsa 237-nji
gezek açyk kosmosa çykmagydyr.
NASA astronawtlary bejergi işleri üçin kosmosa çykdy
