Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň müdiri Tedros Adan Gebreýsusyň
pikiriçe, her bir täze ygtybarly we täsirli serişde bilen dünýä koronawirus
pandemiýasyny ýeňmek üçin bir ädim ýakynlaşýar. Guramanyň başlygy
hökümetlerden we derman öndürýän kompaniýalardan sanjymyň elýeterliligini
üpjün etmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirip, önümçilik kuwwatyny
ýokarlandyrmagyny isledi.
Ýatatlatsak, sanjym BSG tarapyndan tassyklanan üçünji sanjym boldy.
Şeýlelikde, gurama 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Pfizer / BioNTech
sanjymyny we 15-nji fewralda AstraZeneca sanjymyny tassyklady. 11-nji martda
Jonson we Jonsonyň sanjymy Ýewropanyň dermanlary düzgünleşdiriji (EMA)
tarapyndan tassyklandy. Waksina iki däl-de, diňe bir dozada ýeterlikligi bilen
tapawutlanýar. Russiýa häzirki wagtda koronawirusa garşy iki sanjymy hasaba
aldy: "Sputnik V" – işläp taýarlan Moskwanyň Gamalei adyndaky merkezi,şeýle
hem “EpiWakKorona”Nowosibirsk şäherniň “Wektor” merkezi.
BSGG COVID-19 garşy üçünji sanjyma rugsat berdi
