“DigiTimes”-iň habaryna görä, “Apple” hakykatdanam ilkinji ýygnalýan
“iPhone” -ny işläp başlady. Ony döretmek üçin kompaniýa Günorta Koreýanyň
ägirt uly “LG Electronics” kärhanasynyň “LG Display” bölümini özüne çekdi. Ol
ilkinji ýygnalýan “iPhone” üçin çeýe OLED panelleri bilen üpjün eder. LG
kärhanasy şeýle hem, “Apple” inžinerlerine dünýä beli “iPhone” üçin displeý
döretmäge kömek eder. Gyzykly tarapy, “Samsung Display” atly başga bir koreý
kompaniýasy öň geljekki “Apple” smartfony üçin çeýe displeýler bilen üpjün ediji
hökmünde bellendi. “Apple” -iň çeýe displeýler üçin buýrugy bu iki
kompaniýanyň arasynda bölmegi mümkin.
Ilkinji ýygnalyp bilinýän “iPhone” -yň çykarylyşynyň 2023-nji ýylda
boljakdygy habar berildi, eger-de “Apple” işläp taýýarlama döwründe haýsydyr bir
uly päsgelçilik we kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolsa, çykarylýan senesini yza
süýşirip biler. Bularyň näçeräk çykdajy etjekdigi we haýsy aýratynlyklary
aljakdygy entek belli däl. Emma, ilkinji ýygnalyp bilinýän “iPhone” -yň “Galaxy Z
Flip” -e meňzeş gysgyçly telefon boljakdygy barada myş-myşlar bar.
LG Apple -e ilkinji ýygnalýan “iPhone”-ny döretmäge kömek eder
