Awtoulag “Office Pod Concepts” diýlip atlandyrylýar we iş meýdanynyň daş
ýüzüne amerikan mebel öndürijisi Herman Milleriň Cosm oturgyjy goýulan iş
stolynyň ululygy ndaky monitory öz içine alýar.
Bu model, 2012-nji ýylda bazara çykan we häzirki wagtda Ýaponiýada
22,000 bilen 38,000 dollar aralygynda satylýan Nissan NV350 tapgyrynyň
üýtgedilen görnüşi. Bu pikir Ýaponiýanyň paýtagtynda “Covid-19” keseliniň
köpelmegi sebäpli Tokio awtoulag sergisiniň onlaýn ýagdaýda geçirilmegi üçin
döredildi.
Awtoulag çykarylýan ofis modulyna goşmaça, beýleki funksiýalar bilen
enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem ulagyň ýokarsy, saýawan astyndaky dynç alyş ýeri
bolup hyzmat edýär we ulagyň jübüsinde antibakterial lampa gurlup, Nissanyň
aytmagyna görä şahsy zatlary dezinfeksiýa edip biler. Aýna ýaly polikarbonat pol,
awtoulagyň aşagynda nämeleriň bolup geçýändigini görmäge mümkinçilik berýär.