Dubaýdaky Al-Kadrydan uzakda bolmadyk çölüň merkezinde duşaryn diýip
çaklanmaýan geň galdyryjy ýer bar. Çäge depeleriniň ortasynda örän täsirli, iki
sany suwdan düzülen ýürek şekiliniň kesişmesinden ybarat “Söýgi köli” ýerleşýär.
Ak guşlar we ördekler kölde ýüzýärler, suwuň boýunda güller, ösümlikler,
ýürekler we beýleki söýgi nyşanlary bilen bezelen pyýada ýollar bar. Şeýle hem
kölüň golaýynda ullakan Söýgi belgisi bar.
Tutuş toplum 16 müňden gowrak agaçdan we çöl howasynda ýaşap bilýän
birnäçe müň gülden ybarat.
Emma kölüň boýundaky gezelençler näçe ajaýyp bolsa-da, onuň hakyky
göwrümi we gözelligi diňe howadan görünýär. Şol sebäpli ýörite romantiki
gezelençiň bir bölegi hökmünde uçar ýa-da dikuçar bilen "Söýgi kölüniň" üstünden
uçup bilersiňiz.
Dubaýdaky çölüň ortasynda döredilen «Söýgi kölüniň» görnüşi nähili
