“Absolute Fighting Championship” (UFC) çempiony Habib Nurmagomedow
sport karýerasyny resmi taýdan tamamlady. UFC-iň ýolbaşçysy Dana Waýt bu
barada Twitterde ýazdy.
“Ol resmi taýdan hakykatdanam pensiýa çykdy. Siziň işleýşiňize tomaşa
etmek ajaýyp zatdy, hemme zat üçin sag boluň, gelejekde bojak zatlardan lezzet
alyň, dostum "-diýip Waýt ýazdy.
12-nji fewralda Waýt garyşyk görnüşli (MMA)rus söweşiji Habib
Nurmagomedowy çempionlyk guşagyndan mahrum etmekden ýüz öwürýändigini
mälim etdi. Waýt ýakyn wagtda Las Wegasda Nurmagomedow bilen
duşuşjakdygyny aýtdy. “UFC Habibden ýüz öwürmeýär. Habib çempion. Biz onuň
bilen görüşeris we indiki boljaklar barada gürleşeris"-diýip sözüne goşdy.
Nurmagomedow, üçünji gezek adyny goramaga mümkinçilik beren
Amerikaly Jastin Geýgi ýeňenden soň, 2020-nji ýylyň güýzünde sportdan
çekiljekdigini habar berdi. Türgen 29 söweşde 29 ýeňiş gazandy. Agram
derejelerini hasaba almazdan, UFC-iň iň gowy söweşijileriniň sanawynda birinji
orny eýeleýär.