Her ýazda ýüzlerçe müň adam Kaliforniýadaky Anza-Borrego-Çöl
seýilgähine ýabany gülleriň “ajaýyp gülleýşine” tomaşa etmek üçin gelýärler.
Mämişi, gyrmyzy we gök reňkleriň partlamasy gektarlara uzap gidýär. Maklar we
beýleki gül meýdanlary kosmosdanam görünýär.
Emma 2021-nji ýylda Kaliforniýadaky syýahatçylar gynanmaklary mümkin.
“Daily Mail” -iň habaryna görä, adaty bolmadyk gurak gyş sebäpli çöl bu ýyl
güllemedi. Diňe käbir ýerlerde gül adalaryny görmek bolýar.
Geljekdäki gülleriň “aşa güllemegi” üçin şertler sentýabr aýynda döräp
başlaýar. Bol ýagyşlar ýer ýüzüni doýurýar we daş-töwerege tohum ýaýradýar .
Soň bolsa, aýda azyndan bir gezek topragyň guramagynyň we tohumlaryň
gögermezligi üçin güýçli ýagyş talap edilýär.
ABŞ-nyň Milli howa gullugynyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň güýzünde –
2021-nji ýylyň gyşynda ýagyş adaty ýagdaýdan pesdi. Birnäçe gün öň Anza-
Borrego-Çölde ahyrsoňy azajyk ýagyş ýagdy, ýöne şondan soň ösümlikleriň
ösmegi üçin üç-alty hepde gerek bolar.