Russiýanyň alymlary hytaýly kärdeşleri bilen senagat galyndy suwlaryny
arassalamak üçin ekologiýa taýdan arassa usul oýlap tapdylar. Ol Kawitasiýa
esaslanýar.
Kawitasiýa, duýdansyz basyş düşýän wagtynda suwda köpürjikleriň emele
gelmegidir. Bu amalyň dowamynda suw molekulalarynyň bölünmegi ýüze çykýar,
güýçli oksidantlar bolan kislorod we wodorod peroksid bölünip çykýar.
Alymlaryň pikiriçe, "sowuk gaýnag" suwy ullakan mikseriň işi bilen deňeşdirip
bolar.
Netijede, suw dezinfeksiýa edilýär, mikroblar we bakteriýalar ölýär we mis,
demir ýa-da nikel ýaly agyr metallar aňsatlyk bilen çykarylyp we aýrylyp bilinýän
çökündiler görnüşinde galýar. Mundan başga-da, köpürjikler ýarylanda ep-esli
energiýa zarýady çykýar – bu suwy süýjediji üçin ulanylýar.
Rus alymlary suwuň "sowuk gaýnatma" usulyny oýlap tapdylar
