Pro wersiýasy iki ýyldan bäri dünýä derejesinde täzelenmändi.
“Bloomberg” -iň habaryna görä, “Apple” şu ýylyň aprel aýynda täze “iPad
Pro”-ny hödürlär . Täzelenen prosessoryň güýji bilen kompaniýanyň geçen ýylyň
ahyrynda MacBook Air, Pro we Mac Mini- de açan “Apple M1” bilen
deňeşdirilmegine garaşylýar.
Dizaýn üýtgeşmeleri minimal bolar, täze “iPad Pro” -nyň ölçegleri öňküligine
galar: kiçi model 11 dýuým diagonaly , has ulusy – 12,9 dýuým ekrany alar . Has
uly model, MiniLED ekrany bolar, yzky çyrasy şekili has ýagty we kontrastly eder.
Täze “iPad Pro” -da “Thunderbolt” birleşdirijisi hem bolar diýlip garaşylýar.
Goşmaça monitorlary, daşarky gaty diskleri we beýleki periferiýa enjamlaryny
birikdirmäge mümkinçilik berýär.
Ondan öň “Apple” -iň golaýda bahar tanyşdyryş dabarasyny geçirjekdigi
habar berildi. Köpden bäri garaşylýan "akylly" belligi we başga-da bir zady
görkezjekdigi aýdylýar.