Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) resmi wekili Melita
Wuýnowiç halkara syýahatçylygynyň täzeden başlamagy barada gürleşmegiň
entek irdigini aýtdy. Bu barada "Goworit Moskwa" radiostansiýasy Telegram
kanalynda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, soňky günler dünýäde täze keselleriň sanynyň
ýokarlanýandygyny görkezdi we wirusa ýokaşmagyň derejesi ýokary. Mundan
başga-da, käbir ýurtlarda sanjymlaryň ýetmezçiligini belläp geçdi.
"Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylara ileri tutulýan sanjym, agyr COVID-
19 keseli bilen baglanyşykly ilat üçin sanjymlaryň ýeterlik bolmazlygyna sebäp
bolup biler" -diýdi.
Wuýnowiç Ýewropa ýurtlaryny has berk çäklendirmelere dolanmaga çagyrdy.