Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Waşington Post” gazeti 34 ýaşly Arianna
Eisenberg hakda ýazdy. Ol keselinden soň sekiz aýlap “uzaga möhletli kowid”
alamatlaryndan ejir çekdi: myşsa agyrylary, ukusyzlyk, dowamly ýadawlyk we
bulaşyk huş. Emma sanjymyň ikinji dozasyndan 36 sagat soň, bu alamatlaryň
hemmesi el bilen aýrylan ýaly ýitdi.
Waksinadan şuňa meňzeş täsiri başdan geçiren hassalar WebMD
lukmançylyk web sahypasy we dürli habar beriş serişdeleri habar berdiler.
Nýu-Yorkdaky Kolumbiýa uniwersitetinden wirus lukmany Daniel Griffiniň
pikiriçe, "uzak möhletli kowid" näsaglarynyň 40% sanjymdan soň simptomlary
gowulaşyp başlaýar.
Angliýada, Bristol uniwersitetinden geçirilen kiçijik gözleg, bu täsiriň
gatnaşyjylary üçden birinde ýüze çykandygyny görkezdi, ýöne awtorlar platsebo
effektini aýyrmadylar.
Angliýada Londonyň Exeter uniwersiteti we Imperial kolleji bu ugurda has
jikme-jik gözleglere başlaýar.
Sanjymdan soňra «uzaga möhletli kowidden» ejir çekenler gutuldy
