Aşgabat oturymly ýaşaýşyň, gadymy ekerançylygyň, senetçiligiň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň dörän mekanydyr. Muny paýtagtymyzyň töweregini gurşap oturan Jeýtun, Pessejikdepe, Akdepe, Altyndepe, Änew we beýleki ýadygärliklerden tapylan arheologik gymmatlyklar doly subut etdi. Köpetdagyň eteginde dörän Parfiýa şalygynyň paýtagtynyň – Nusaýyň halkymyzyň medeni ösüşindäki ähmiýeti örän beýikdir.

Ak şäherimizden Asgabadyň günsayyn özgerýär we gözelleşýär. Türkmen heýkeltaraşlaryň we nakgaşlaryň, ajaýyp meýdançalary çeper esere öwürmäge ukyply dizaýnerleriň, döwrebap tehnologiýalary özleşdirýän binagärleriň döredijiligi milli binagärligimiziň özboluşlylygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheri dünýä boýunça ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda birnäçe işler amala aşyrylýar. 2021-nji ýylyň 30-njy martynda Aşgabat şäheriniň 140 ýylyň dabarasyna bagyşlanan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly sergisi açylyp, onda ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň işleri görkezilipdir. TDÇA-nyň Arhitektura we dizaýn fakultetiniň talyplary birnäçe desgalaryň we bezelen binalaryň taslamalary hödürlenipdir. Sergidäki taslamalarda talyplaryň işlerinde Aşgabat binasy, Bitaraplyk binasy, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar üçin niýetlenen çagalar baglary, raýatlaryň medeni taýdan dynç almak üçin niýetlenen teatrlar we dynç alyş merkezleriniň taslamalary görkezilipdir. Ýaşlaryň taslamalarynyň meýilnamasynda we binagärlik bezeginde türkmen halyçylyk sungatynda peýdalanylýan gölleriň we nagyşlaryň nusgalary täze öwüşginde ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, ýaşlaryň döredijiliginde milli sungatymyzyň orny uly tutýandygyna göz ýetirmek mümkin.

Merjen şäherimiz Aşgabadyň ak mermerli binalary we daşky gurşawyň gözelligi dizaýn taslamalarynda hem öz beýanyny tapýar. Şular ýaly sergileriň geçirilmegi milli binagärlik sungatymyzyň ösmegine uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlar üçin edýän atalyk aladasynyň netijesinde biziň ýaş suratkeşlerimiz hem özleriniň döwrebap eserleri bilen bagtyýarlyk döwrümiziň waspyny ýetirýärler.

Amantuwak Aýnazarowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Amaly-haşam sungaty fakultetiniň

Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby