2021-nji ýylyň 29-njy martynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Özbegistanyň Kamoliddin Behzod adyndaky Milli çeperçilik we dizaýn instituty bilen bilelikde “Söhbetdeşlik. Döredijilik äleminde parahatçylygy we dostlugy berkitmekde sungatyň orny” atly onlaýn arkaly ylmy maslahat geçirildi.

Iki taraplaýyn dostlukly söhbetdeşligi geçiren Kamoliddin Behzod adyndaky Milli çeperçilik we dizaýn instituty nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn sungaty, abatlaýyş-dikeldiş işleri boýunça ýokary bilim berýär, dürli ýurtlaryň ýaş zehinleriniň arasynda döredijilik pikir alyşmalary ösdürýär, bu işler tomaşaça we hünärmenlere häzirkizaman medeniýetiň ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik berip, ol hem öz gezeginde GDA ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň saklanmagyna we berkemegine itergi berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan ylmy işleri boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň, okuw işleri boýunça prorektor Rüstem Annamuhammedowyň, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowanyň, “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň we beýleki mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy maslahatda döredijilik ulgamynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda sungatyň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kamoliddin Behzod adyndaky Milli çeperçilik we dizaýn institutynyň tarapyndan bolsa, okuw, ylmy işler we innowasiýalar boýunça prorektorlaryň, “Bilelikdäki bilim ulgamy” bölüminiň müdiriniň eden gyzykly çykyşlary diňlenildi. Ylmy maslahatyň dostlukly ýörelgesi bu ýokary okuw mekdepleriniň ylmy we döredijilik meýilnamalarynyň geljekki ösüşine ýardam eder. Aýratyn hem, sanly bilim ulgamynyň ösüşi, ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, şeýle-de bilim bermegiň täze ugurlaryna geçmek ýaly temalar maslahatlaşyldy. Ylmy maslahatyň barşynda iki dostlukly ýurduň pedagogiki we döredijilik ulgamlarynda tejribe alyşmaklyga ýardam berjek sergilere, ylmy maslahatlara, master klasslara gatnaşmak teklip edildi.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti döredijilik ulgamynda parahatçylygyň we dostlugyň berkemi üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýär. “Söhbetdeşlik. Döredijilik äleminde parahatçylygy we dostlugy berkitmekde sungatyň orny” atly onlaýn arkaly ylmy maslahatyň işi şekillendiriş sungatynda dostlukly gatnaşyklary saklamakda we tejribe alyşmakda, şeýle-de ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda milletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşiniň we giňemeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Aýjan Kadyrowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri