Bilezigiň ady ýok. Şu wagta çenli bu diňe kompaniýanyň geljekde ösüş üçin geljegi uly taslama hökmünde hödürlän düşünjesidir. “Facebook ”bu tehnologiýanyň ulanyjylara elýeterli bolmagy üçin bäş-on ýyl gerek bolup biljekdigini aýdýar .

Bu nerw uçlaryndan signallary sanly buýruklara öwürýän enjam. Göz öňüne getiriň: bilezik goşaryňyzda, barmagyňyzy giňişlige basýarsyňyz, enjam buýrugy okaýar we wirtual girişi dolandyrmak ukybyny açýar. Bu ýagdaýda ne klawiatura, ne-de syçan gerek.

Şuňa meňzeş tehnologiýa indi AR we VR nauşniklerinde ulanylýar. Ondaky kameralar giňişlikdäki hereketleri yzarlaýar we enjama degişli signallary iberýär. Emma “Facebook” bu “bilek tehnologiýasyny” başga bir derejä çykarmak we kameralar goýmazdan etmek isleýär – bilezikler bolan ýagdaýynda , beýni tarapyndan “ şifrlenip ” we nerw impluslarynyň gaýtadan işläp myşsalara geçýänligi barada aýdylýar.