Wirjiniýa ştatynyň Pokoson şäherindäki mekdepleriň biriniň durky täzelenende gurluşykçylar tarapyndan adaty bolmadyk tapyndy ýüze çykaryldy. Sport zalynda diwary söküp durkalar, öňki okuwçylaryň biriniň gapjygyny tapdylar. Içinde 85 sent mukdary bolan birnäçe teňňe, Santa Klausyň markalary, käbir suratlar we 1951-nji ýylyň kalendary bardy.

Içindäki suratlar we maglumatlar sebäpli mekdebiň işgärleri eýesiniň adyny bilip, şäherde ýaşaýan garyndaşlary bilen habarlaşdylar.

Görnüşi ýaly, 70 ýyl ozal Ester Frenç atly bir okuwçy mekdebiň sport zalynda gapjygyny ýitiripdir. Häzir 85 ýaşyndaky Frençiň aýdyşy ýaly, gapjygyny diwaryň gyrasyna goýdy, ýöne ol diwaryň arkasyndaky çukura gaçdy.

Mekdep ýolbaşçylary Frenç bilen habarlaşyp, garaşylmadyk tapyndy barada oňa habar berdiler. Gapjyk eýýäm Esteriň 1957-nji ýyldan bäri ýaşaýan Konnektikut şäherine poçta bilen iberildi, diýip CNN habar berýär .