Iň köp güllemek möwsümi birnäçe günden bäri dowam edýär.

Ýaponiýanyň paýtagtynda sakura gülleýär. Sosial media ulanyjylary Tokionyň gülgüne we ak reňkde gark bolan suratlaryny köpçülikleýin paýlaşýarlar.

COVID-19-a garamazdan, şäher ilaty seýilgählerde gezýärler we agaçlaryň fonunda surata düşýärler.

Ýaponiýa 2021-nji ýylda bahar öň geldi. Milli Meteorologiýa Ofisi eýýäm 11-nji martda sakura gül möwsüminiň başlanandygyny habar berdi. Ilkinji agaçlar Hiroşima prefekturasynda güllediler.

22-nji martda Tokioda sakura gülleri iň ýokary güleme derejesine ýetdi. Bu rekort diýen ýaly. Ýaponiýanyň paýtagtyndaky Sakura gülleri şular ýaly ir diňe – 1953-nji ýylda gülläp başapdy.

Bu ýyl gülleriň iň amatly şertleri bar diýlip hasaplanylýar – 14-nji martdan bäri Tokionyň gündizine temperaturasy 20 gradus Selsiýada saklandy.