Syýahatçylar bu täsinlige tomaşa edip lezzet almaga howlukýarlar.

Mart aýynyň ortalarynda Islandiýa COVID-19 sanjymyny alan syýahatçylar üçin öz serhedini açdy. Ýurda ilkinji gelen syýahatçylar hakykatdanam ajaýyp görnüş üçin Reýkýawikden bäş sagatlyk uzaklykda ýerleşýän Almaz kenaryna howlukýarlar.

Ýokýulsaurloun buzluk lagunasyndaky bu ýer adadaky iň gözel ýerlerden biri hasaplanýar. Bu ýerdäki buzluk çalt azalýar we lagun göni manyda gözümiziň öňünde ösýär. Ýokýulsaurloun soňky 15 ýylda iki esse ulaldy.

Buzlukdan döwülip aýrylan aýna ýaly uly buz bölekleriň düzülmegine “aýsbergleriň hyýaly ýörişi” diýlip atlandyrylýar , kiçi bölekleri bolsa kenara çykarylýar.Olar günüň içinde şöhle saçýan ullakan göwherleriň ýaýramagyna meňzeýär.

Syýahatçylar Jökulsarlonyň iň ajaýyp suratlaryny sosial mediýada paýlaşýarlar.