Geň mikroorganizmler ABŞ-ly immunologlar tarapyndan tapyldy. Olar
Immunologiýanyň nusgawy tezislerinden birini synap görmekçi boldular we olaryň
biride adamyň immun ulgamy ewolýusiýa arkaly ösüp, bedenimizi islendik
mikroblardan goraýar.
Munuň dogry ýada ýalňyşdygyny “Science Imunology“-da neşir edilen
gözlegiň netijesine görä, alymlar süýdemdirijileriň hiç haçan duş gelmedik
mikroorganizmlerini tapmaly boldular. Gözlegçiler Kiribati sebitindäki Ýuwaş
ummanyň merkezinde takmynan 2 km çuňlukda nusga aldylar. Deňiz ekologlary
hatda kitleriň hem ýüzmeýän ýeri, bu ummanyň iň çuň, iň gadymy, iň uzak we
goralýan bölegidigini aýtdyar.
Suwasty robot çökündileriň, suwuň, deňiz gubkalarynyň we ýyldyzlaryň
nusgalaryny ýygnady. Olardan tapylan bakteriýalar soňra laboratoriýada
kämilleşdirilip, syçanlardan we süňk ýiliginden alnan immun öýjükleri bilen
täsirleşmäge mejbur edildi.
Şeýlelik bilen, immunologlar immun ulgamynyň ähliumumylygy baradaky
nusgawy tezisi ret etdiler. Görnüşi ýaly, ol diňe galtaşýan abanýan howplara jogap
bermegi öwrenýär. Gözlegçiler "görünmeýänlige" garamazdan, deňizdäki
bakteriýalaryň adamlar üçin ýokaşma howpuny döretmeýändigini anykladylar.
Alymlar immunitet ulgamyna görünmeýän mikroblary tapdylar
