“El Chringuito” teleýaýlymynyň habaryna görä, sanawda sekiz oýunçy bar:
derwezeçi Neto, goragçylar Huan Firpo, Samuel Ýumtiti, ýarymgoragçylar
Miralem Pýaniç, Rikard Puig, Karles Alenýa, Filipp Koutino we hüjümçi Antuan
Grizmann.
Bu möwsümde «Barselona» 28 oýundan soň 62 oçko toplap, Atletiko
Madridden dört utuk yzda ikinji ýerde durýar.
Barselonanyň baş tälimçisi Ronald Kumanyň indiki möwsüm Kataloniýa
klubynda işlemegini dowam etdirjekdigi belli boldy.
Şeýle hem “Liwerpulyň” ýarymgoragçysy Jorginho Wijnaldumyň möwsümiň
ahyrynda klubdan çykjakdygy we tomusda Barselona goşuljakdygy habar berildi.