Blumberg neşiri, Apple degişli çeşmelerine salgylanyp , öňümizdäki ýyl
öňdebaryjy türgenler we ekstremallar üçin Apple watch Explorer Edition
çydamly sagadyň wersiýasyny tanyşdyrmak isleýändigini habar berdi.
Olar üçin berkidilen korpus işlenip taýýarlanyar , ähtimal rezin ýa-da elastik
plastmassadan ýasalar. Sagat, urga we suw girmegine has çydamly bolmaly,
mysal üçin suwuň aşagyna has çuňňur çümdürilmegine garşy durmak. Häzirki
zaman “Apple Watch” sagatlary alýumin ýa-da polatdan ýasalyp, 50 metr çuňluga
çümüp bilýär.
“Apple Watch Explorer Edition” ýakyn ýylda hödürlenmeli – belki şu güýzde
çykmagy mümkin. Sagadyň esasy wersiýasyndan has gymmat boljakdygyny
çaklamak bolar.