«Tagtlaryň oýny» teleserialynyň esasy bolan romanlar tapgyrynyň awtory
amerikaly ýazyjy Jorj R.R. Martin, öz eserleri esasynda teatr eseriniň üstünde işläp
başlady. Bu barada «The Hollywood Reporter» habar berýär.
Görkezişiň Brodweýde (ABŞ), West End (Angliýa) we Awstraliýada
başladylmagy meýilleşdirilýär, premýera 2023-nji ýylda görkeziler.
Martin täze drama spektaklyň ssenarisini ýazar. Ýazyjy bilen birlikde
sahnalaşdyrmanyň üstünde ssenarist Dankan Makmillan ( Trigonometriýa ) we
teatr režisory Dominik Kuk işleşer . Spektaklyň ady we gahrymanlary entek resmi
taýdan yglan edilmedi.
Mundan öň "Tagtlaryň oýnunyň" awtory HBO bilen bäş ýyllyk şertnama
baglaşdy. Martin HBO Max ýaýlym akyş platformasy hem-de kanaly üçin täze
programmirleme döreder.
«Tagtlaryň oýny» esasynda oýun sahnalaşdyrylar
