Takmynan 109 ýyl mundan ozal Irlandiýa adasynyň gündogar kenarynda
“Titanik” gämisiniň ýöreýiş synaglary başlandy. Ilkibaşda synaglaryň 1-nji aprelde
geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne howanyň ýaramazlygy sebäpli olar geçirilmedi.
Emma 1912-nji ýylyň 2-nji aprelinde irden sagat 6-da gämi deňze çykdy.
Ýöreýiş synaglary bir gün töweregi dowam etdi. Esasy maksat “Titanik”
gämisiniňn ýöreýşini güýçendirmek ukybyny, şeýle hem manýowrirleme
aýratynlyklaryny barlamakdy. Sagat 18:30-da äpet gämi Belfosta gaýdyp geldi.
Britaniýanyň Söwda ministrliginiň wekili gäminiň bir ýyl işlemegine rugsat berýän
resmi namany berdi we şol pursatdan başlap “Titanik” resmi ýagdaýda “Waýt Star
Laýn” liniýasynyň flagmany hökmünde hatara girdi.
«TITANIK-de» hereket synaglary geçirildi
