Pandemiýa sebäpli baglyk ikinji ýyl ýapyklygyna galýar.
Mart aýynda Gollandiýadaky meşhur Korol Kekenhow güller seýilgähinde
çigildemler we beýleki bahar gülleri gülläp başlaýar we her ýyl dünýäniň dürli
künjeklerinden müňlerçe jahankeşdeleri özüne çekýär. Emma bu ýyl kaşaň bagyň
gapylary myhmanlar üçin ýapyklygyna galýar.
Kekenhowyň ýolbaşçylary ahyryna çenli ähli howpsuzlyk düzgünlerine
laýyklykda ekskursiýa gezelençlerini guramak barada ýerli häkimiýetler bilen
gepleşik geçirdiler, ýöne gepleşiklere garamazdan seýilgäh açylmady.
Muňa derek,eýýäm yzly-yzyna ikinji ýyl seýilgähde iň owadan ýerlere wirtual
gezelençler başlaýar. Kekenhowyň işgärleri “Instagram”, “Facebook” we
“YouTube” -daky resmi sahypalarynda ajaýyp gül düşeklerini, bagbanlaryň dürli
güller baradaky hekaýalaryny we gül bezeglerini döredýän täsir galdyryjy
wideolary görkezýärler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Karollygyň Kekenhow çigildemler seýil bagy wirtual gezelençlere başlaýar
Karollygyň Kekenhow çigildemler seýil bagy wirtual gezelençlere başlaýar
