Ýuwaş ummanyň üstünde tupanly gara bulut peýda boldy. Ol şeýle bir
uludy welin, ony derňemek kararyna geldiler.
Gözlegçiler ABŞ-nyň planetany aýlanýan NOAA-20 hemrasynyň infragyzyl
datçigini ulanyp, derňewi geçirdiler. Netijeler geň galdyrdy: tupan buludynyň iň
ýokarsy gan doňduryjy -40 ° C-e temperatura ýetdi. Bu sowukluk şu wagta çenli
derňelen islendik tupan buludynyň temperaturasyndan has hem sowugydyr.
Alymlar şeýle pes temperaturanyň ýüze çykmagyny bulut beýikligi bilen
düşündirýärler. Ol güýji we ummasyz energiýasy netijesinde stratosfera ýetmegi
başardy. Bu görkezilen sowukluk tutuş buludyň däl-de, onuň ýokarysynyň
temperaturasydyr. Netijede, buludyň bir bölegi gaty beýikde bolup, gaty sowady.
Sowuk bulut alymlary geň galdyrdy
