Hytaý kompaniýasy bu ugry ösdürmek üçin 10 milliard dollardan gowrak
maýa goýar.
Sarp ediş elektronikasyny öndürýän Hytaýyň IT ägirdi Xiaomi awtoulag
bazaryna çykjakdygyny mälim etdi . Degişli beýannama Xiaomi tarapyndan sosial
ulgamlarda çap edildi.
“Dolandyryjylar geňeşi “akylly” elektrik ulaglary bilen meşgullanmak
kararyna geldiler. Xiaomi bu biznesi dolandyrmak üçin bölünen aýrybaşga
kompaniýa döreder we onuň ýeke-täk eýesi bolar. Ilkinji etapda maýa goýum 10
million ýuan bolar. Geljek 10 ýylda maýa goýumlarynyň umumy mukdary 10
milliard dollardan geçer "-diýilip habar berilýär.
Mundan ozal metbugatda, “Xiaomi” elektrik awtoulaglaryny“ Great Wall
Motors”–yň gurnajakdygy ýazylypdy .