Islandiýaly peýzaž suratçysy Garjar Olafsson dronuny Fagradalsfýal
wulkanynyň agzyna mümkin boldugyça ýakyn gönükdürmäge synanyşdy. Ol
hakykatdan hem üýtgeşik suratlar almagy başardy, ýöne uçýan kamerasyny gurban
etmeli boldy.
“Gyzgynlygy duýýarsyňyzmy? Bu wideo üçin dronumy eretdi" – diýip,
Olafsson sosial ulgamlarda paýlaşan wideosyna teswirledi.
Alty müň ýyla golaý wagt bäri ýatan Islandiýadaky “Fagradalsfýal” wulkany
19-njy martda oýandy. Partlaýan lava akymlary göni efirde tomaşa edilýär,
suratçylar iň ajaýyp pursatlary surata düşürmäge howlukýarlar , alymlar wulkanda
şöhlat önümlerini gowuryp gördüler .