7-10-njy oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirilýär.
Dabaralara Türkmenistanyň köpsanly medeniýet we sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen birlikde biziň ýurdumyzyň amaly-haşam sungat eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi.
Bilşimiz ýaly, bu sebit soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-ynsanperwer babatda ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublika synyň medeniýet işgärleri tarapyndan guralýan döredijilik forumlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda tatarystanly döredijilik toparlary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara festiwallaryna we Aşgabatda guralýan beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşdylar.
Medeniýet günleriniň ilkinji güni Tatarystanyň halklaryň dostlygy öýünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaşaýan türkmenler bilen duşuşygy boldy. Şeýle-de, Kazan Kremline we beýleki birnäçe taryhy künjeklere barlyp görüldi. Medeni forumyň maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge, doganlyk tatar halkyny ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreler geçiriler.