Amerikanyň Oklahoma ştatynyň ýaşaýjysyna köne eşikler bilen birlikde
haýyr-sahawat guramasyna beren 42 müň dollary yzyna berildi.
Pul iki switera dolanyp, sortlaýyş lentasynda tapyldy. Täjirçilige degişli däl,
“Goodwill” guramasynyň işgärlerinden biri Andrea Lessing agyr torbany barlap
görende ilki bilen oňa kitapdyr öýdüpdi. Egin-eşikleri açyp görüp, köp mukdarda
nagt pul gözi düşdi.
KFOR habar gullugyna beren teswirinde gyz özüniň ykbala ynanýandygyny,
hatda beýleki adamlaryň pullaryny özi üçin goýmaklygy boýun alyp
bilmejekdigini aýtdy. Tapyndylary ýolbaşçylara habar berdi we olar puluň eýesi
bilen habarlaşyp bildiler, sebäbi donorlar köplenç aragatnaşyklaryny goýýarlar.
Gyzjagazyň hereketini eşidip, 42 müň eýesi oňa sylag – 1 müň dollar berdi.
Hemaýatkärlige bagyşlanýan zatlarda pul we dürli predmetler köplenç
tapylýar, ýöne Lessingyň tapan pul mukdar, ”Goodwill” haýyr-sahawat
guramasynyň 85 ýyllyk taryhynda iň ulusy boldy.