Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ylymda-bilimde,
gurluşyk pudagynda umuman durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurt
Baştutanymyz halkymyzyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn ýaş
nesilleri kemala getirmek, ata – Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek
we onuň halkara abraýyny has-da belent derejelere ýetirmek ugrunda taýsyz
tagallalaryny siňdirýär. Ata-Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýol gurluşygy
pudagynda hem uly ösüşler gazanylyp, diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman
ülňülerine laýyk gelýan birnäçe awtomobil köprüleri, halkalaýyn estakada köprüleri
gurlup ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyz Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň
wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek Hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns
merkezinde durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly
ýolbaşçylygy we başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk
maksatnamasy netijesinde ata-Watanymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabat täze
binagärlik gurluşlarynyň sazlaşykly ösüşi bilen dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda
öz ornuny berkidýär. Şäheriň häzirki zaman, oňaýly durmuş gurşawyny, onuň durnukly
ösmegi üçin şertleri döretmekde ýol-ulag düzüminiň yzygiderli
döwrebaplaşdyrylmagyna, bu ulgama ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky
gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz şäheriň ekologiýa meselelerine, bagy-
bossanlyga bürelmegine, daşky gurşawy gowulandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň,
serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalarynyň bu ugurda dünýä tejribeleriniň
ulanylmagyna örän uly ähmiýet berýär.
Käbir ösen döwletlerde ulanylýan ,,Akylly şäher” ulgamynyň özboluşly
çözgütleri ähliumumy we aýratyn meseleler boýunça amatly gurallary gözläp tapmaga
itergi berer. Şäher ilatynyň artmagy ýol dyknyşyklary, howanyň hapalanmagy, energiýa
çeşmeleriniň ýetmezçiligi, azyk kesilmesi ýaly meseleleri döredýär. ,,Akylly şäherler”
daşky gurşawa zeper ýetmezden görkezilen meseleleri, şeýle hem adamlaryň oňaýly
ýaşamagy, işlemegi we bilim almagy üçin şertleri döretmek bilen bagly meseleleri
çözmek üçin şertleriň dördüsiniň döredilmegini göz öňüne tutýar. Ulag ulgamlaryny
,,intellektuallaşdyrma” Ýol hereketinde ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen
baglylykda ýollarda ýüze çykýan dyknyşyklar wagtyň ýitmegine we ýangyjyň
harçlanmagyna, howanyň hapalanmagyna getirýär. Bu meseläni çözmek, ulag
akymlaryny kadalaşdyrmak üçin maglumat tehnologiýalary ulanylýar. Şäheriň belli bir
nokatlarynda oturdylan sensor ulgamlarynda alynýan maglumatlaryň kömegi bilen
sürüjilere ýollaryň ýagdaýy, şeýle hem barmaly ýere çenli gysga ýoly görkezýän
maglumatlar iberilýär. Ýol çatryklarynda oturdylan ,,akylly” datçikler ulag akymyny
kadalaşdyrýar, dyknyşyklaryň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýär. Jemgyýetçilik
ulaglarynyň hereket etmegi üçin kesgitlenen zolak ýola gidýän wagty tygşytlamak
babatda ýolagçylar üçin amatly ýagdaý döredýär.
Çaryýewa Sadat
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy

RU












