7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, köpugurly uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar, şolaryň doly durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere kybap gelýär.
Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-russiýa Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, ol özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, işewürlik we maýa goýum gatnaşyklaryny höweslendirmäge häzirki zaman ýagdaýlary nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermelidir.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatşdaşlygyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan energetika pudagy, ulag ulgamy we beýlekiler türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Telefon söhbetdeşlegiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şu hepdede Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler hem-de Arkalaşygyň giňişliginde netijeli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu sammitiň ähmiýetini bellediler.
Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksady bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtadandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.