12-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze
bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol
döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz ilçini Ukrainanyň Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-ukrain
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen
asylly hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik
nukdaýnazaryndan uzak möhletli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ähli
ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy.
Döwlet Baştutanymyz we ilçi netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly
mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň
syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli
gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini
nygtadylar.
Öz wagtynda Türkmenistanda köp ýyllar işlän ilçi ýurdumyzda bolup geçen
özgerişliklere ýokary baha berip, bu günki gün Aşgabadyň abadançylygy hem-de
soňky ýyllarda kemala gelen täsin binagärlik toplumlary bilen haýran
galdyrýandygyny aýtdy.