Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, ilatyň saglyk ýagdaýynyň 60-70 göterimi iýmitlenmek we durmuş şertleri bilen bagly bolup durýar. Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerine garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýokary fiziki hem akyl zähmeti boýunça işjeňligine, uzak ýaşamagyna ýardam edýär. Adam bedenine ähli peýdaly we zyýanly maddalaryň, esasan, iýmitiň üsti bilen düşýändigi öz-özünden düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde, peýdaly we zyýanly zatlary saýgaryp iýmek bu biziň öz erkimizde. Şonuň üçin hem sagdyn iýmitlenmegiň şu aşakdaky esasy ýörelgelerini berjaý etmeli.
Iýilýän iýmitde adam bedeni üçin ähli zerur bolan maddalar ýeterlik we özara berk gatnaşykda bolmaly. Iýmitiň 15-20 göterimi beloklar, 40-50 göterimi uglewodlar we 20-30 göterimini ýaglar tutmaly. Beloklar et önümlerinde, süýt önümlerinde, ýumurtgada, kömelekde bolýar. Mal ýaglaryny aşa köp ulanmak adam bedeni üçin zyýanly bolup, bedeniň agramynyň artmagyna we ýürek damar, bagyr kesellerine getirýär. Uglewodlar, esasan, konditer önümlerinde, süýjülerde, şokoladlarda, bugdaý önümlerinde, bakja we gök önümlerinde bolýar. Elbetde, beloklardan, ýaglardan we uglewodlardan başga-da, beden üçin witaminler we mineral maddalar hem zerur. Olar, köplenç, gök önümlerde we ir-iýmişlerde köp bolýarlar.
Iýmit iýilende bölek-bölekden wagtly-wagtynda iýilende adam bedenine artykmaç agram düşmeýär. Günde 3-4 gezek naharlanmak iň oňaýly hasap edilýär. Elbetde, her adam üçin iş wagtyna we beýleki pursatlara baglylykda, onuň öz rejesi bar. Emma hünärmenler nahar iýmek üçin sagat 8-den 9-a, 13-den 14-e, 17-den 18-e çenli wagtlary iň oňaýly we amatly hasap edýärler, sebäbi şu görkezilen wagtlarda adamyň iýmit mäzleri nahary siňdirmäge gatnaşýan iýmit fermentlerini köp işläp çykarýarlar.
Sagdyn iýmitlenmegiň şertleri hakynda gürrüň edilende, daş-töwerekdäki ýagdaýlar, saçagyň üstüniň tertibi we gözelligi, ünsüňi sowýan pursatlar (telewizor, radio, gazet-žurnallary okamak we başgalar) göz öňünde tutulýar. Görkezilen düzgüniň we şertleriň dogry berjaý edilmegi adamyň işdäsine we nahary gowy siňdirmegine ýardam edýär.
Adam bedenine zerur bolan köp peýdaly maddalar ösümlik önümlerinde saklanýar. Şol bir wagtyň özünde süýt we et önümlerinde hem adamyň saglygy üçin peýdaly maddalar köp. Şonuň üçin iýmitiň dürlüligi örän zerur. Mümkin boldugyça, ir-iýmişleri we gök önümleri günde iýmek maslahat berilýär. Olar mineral maddalara, witaminlere, düzüminde krahmal saklaýan uglewodlara, organiki turşulara, antioksidantlara baý önümler. Süýt we süýt önümleriniň, esasan, olaryň az ýagly görnüşleriniň, günde ulanylmagy ýerlikli hasaplanylýar. Olarda beloklaryň we kalsiý maddasynyň ýeterlik mukdary saklanýar. Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmeýän adamlarda, köplenç, bedeniň dürli bozulmalary döreýär. Bu ýagdaý iýmitdäki kaloriýalaryň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy bilen bagly bolup durýar. Eger-de öz wagtynda çäre görülmese, onda dürli keselleriň döremegi mümkin. Şeýlelikde, sagdyn iýmitlenmegiň esasy maksady keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek üçin oňaýly şertleri döretmekdir. Iýmek üçin ýaşamak däl-de, eýsem, ýaşamak üçin iýmek – ine, sagdyn iýmitlenmegiň esasy öňe sürülýän pikiri.
Annagül ÝAGMYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 218-nji toparyň talyby