Glazgo uniwersitetiniň alymlary köp sanly gözlegleriň netijelerine esaslanyp, adaty sowuklama sebäp bolýan we bütin dünýäde giňden ýaýran rinowirusyň adamy koronawirusdan hem gorap biljekdigini anykladylar. Bu barada “The Herald” gazetine salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.
Şotlandiýaly epidemiologlar adamyň nemli örtüginiň ýörite döredilen nusgasyna rinowirus we koronawirus ýokuşdyrdylar. Soň bolsa immunitetiň täsirine gözegçilik etdiler. Netijede, adam bedeniniň rinowirusa garşy immunitetiniň COVID-19-yň öňüni alyp biljekdigi ýüze çykdy.
Dogry, alymlar şeýle reaksiýanyň täsiriniň möhletiniň gysgadygyny bellediler. Ýagny beden rinowirusyň ýaýramagyny bökdeýär we ýene koronawirusa garşy ejiz bolýar.
Şeýle-de bolsa, lukmanlar rinowirusyň ýokary ýaýramagynyň (esasanam sowuklama döwründe) COVID-19-yň ýaýramagyny saklap biljekdigini, şeýle hem mutasiýa geçen Sars-CoV-2-iň pandemiýa derejesine ýetmeginiň öňüni alyp biljekdigini öňe sürýärler.
Ýeri gelende bellesek, epidemiologlar şuňa meňzeş täsiri doňuz dümewi pandemiýasy ýüze çykanda hem görüpdirler. Alymlar 2009-njy ýylda doňuz dümewiniň ýaýramagyny rinowirusyň we adam bedeniniň oňa bolan täsiriniň haýalladan bolmagynyň mümkindigini hem inkär etmeýärler.