20-den gowrak ýurda, gyssagly kömek berilmese, ýakyn wagtda azyk ýetmezçiligine sezewar bolmak howpy abanýar. Şeýle maglumatlar Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň bilelikdäki hasabatynda getirilýär. Bu barada sputnik.by habar berýär.

Heläkçilikli açlyk Ýemeniň, Günorta Sudanyň ilatyna, şeýle hem Nigeriýanyň demirgazyk etraplaryna howp salýar. Bu meselä duçar bolan ýurtlaryň köpüsi Afrikada ýerleşýär. Ýöne azyk ýetmezçiligi soňlugy bilen köp sebitler üçin – Aziýadan we Ýakyn Gündogardan başlap, Latyn Amerikasyna we Karib basseýnine çenli çynlakaý meselä öwrüler. Häzirki wagtda planetamyzda 34 million adam açlygyň bosagasynda diýip, çeşme belleýär.

BMG köp sanly çaknyşyklary, howanyň üýtgemegini we COVID-19 pandemiýasyny bu ýagdaýyň sebäpleri hökmünde görkezýär. Şeýle hem, gurama meseläni çözmek üçin ýardamçy döwletleriň şu ýyl 5,5 milliard dollar bagyş etmelidigine ynanýar.