Roskomnadzor sosial ulgamlarda we messenjerlerde ulanyjylaryň pasport boýunça hasaba alynmagyny girizmegi teklip etdi. Bu barada msn.com habar berdi.

1-nji martda Russiýada “Şahsy maglumatlar barada” kanuna üýtgetmeler güýje girdi. Oňa laýyklykda, maglumat operatorlary ulanyjylara özleri baradaky haýsy şahsy maglumatlary ýygnamaga we ulanmaga rugsat berilýändigini saýlamaga mümkinçilik bermeli.

Ulanyjylaryň razylygyny ýygnamak 1-nji iýulda başlar. Messenjerleriň, sosial ulgamlaryň we beýleki platformalaryň munuň üçin öz hyzmatlaryny ulanyp biljekdigi ýa-da döwletiň bitewi maglumat ulgamyndan (EIS) peýdalanyp biljekdigi bellenilýär. Mundan başga-da, agzalanlaryň ikinjisi doly adyňy, pasport maglumatlaryňy, ýaşaýan ýeriňi, telefon belgiňi we e-poçta salgyňy görkezmäge borçlandyrýar. Soňra bu maglumatlar “Döwlet hyzmatlary” arkaly barlanar.