Awstraliýaly Des atly kirpik guýrukly bürgüt garaşylmadyk ýagdaýda
"edepli" häsiýeti bilen sosial ulgamlarda meşhur boldy.
20 ýaşly guş Brisbanyň günortasyndaky ajaýyp şaglawuklaryň gapdalynda
ýerleşýän ”O'Reýlli Reinforest Retrit” kurortynda ýaşaýar. Oňa ideg edýän Mark
Kallton, bürgüde birnäçe hokgalary öwretdi. Des, olary myhmanlara görkezýärdi.
Kurort myhmanlary kabul etmegi bes edensoň, Kallton Desiň sosial media
hasabyny açdy we öz söýgüli guşy hakda wideo rolikleri paýlaşyp başlady.
Kallton: "Eger ýerde alma ýa-da bir bölek pizza bar bolsa, ol olara üns
bermeýär" –diýip Daily Mail habar gullugyna gürrüň berdi .Ýöne nahar stoluň
üstünde bolsa, "terbiýeli" Des onuň tagamyny dadyp görmäge garşy bolmaz. Bir
gezek bürgüt zäherli aga towugyny ýuwutdy we diňe gudrat bilen ölmän galdy.
Şondan bäri ol awda özüni seresaplylyk bilen alyp barýar.
Şeýle hem wideolarda Desiň ajaýyp uçuşlaryny we gonuşyny hem görüp
bilersiňiz.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Bürgüt terbiýeli häsiýeti bilen internet ulanyjylaryny haýran galdyrdy
Bürgüt terbiýeli häsiýeti bilen internet ulanyjylaryny haýran galdyrdy
