Bir syýahatçy bir ýyl mundan ozal smartfonyny suwa gaçyrýar we şu wagt
suwdan çykardy, sebäbi bu sebitde güýçli guraklyk başlandy we suwuň derejesi
peseldi.
2020-nji ýylda bir syýahatçy Taýwanyň Gün we Aý kölünde ýüzýärdi we
tötänleýin iPhone 11 Pro-syny suwa gaçyrýar. Ol ýerdäki çuňluk 30-40 metre
ýetýär, şonuň üçin smartfony suwuň düýbünden almak mümkin däldi.
Emma 2021-nji ýylyň aprelinde Taýwanda rekord derejede guraklyk
başlandy, şonuň üçin suwuň derejesi düýpgöter peseldi. Aprel aýynyň başynda
syýahatçy ol ýere gaýdyp geldi we goşmaça enjamlary ulanmazdan smartfon
çykardy – ýerli ýaşaýjylar soňky 50-60 ýyl bäri bu sebitdäki suwuň azalmandygyny
aýtdy.
Syýahatçy öýüne gelip, iPhone 11 Pro -nyň hiç hili kynçylyksyz zarýad alyp
bilýändigini we doly işleýändigini gördi – ähtimal, ony ýörite içine suw
geçirmeýän gorag çeholy halas edendir. Şol bir wagtyň özünde, smartfonyň özi
IP68 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralýar , ýöne bu bir ýyl däl-
de, bary-ýogy ýarym sagat çümdürmegi niýetlenen.