1992-nji ýylyň 12-nji aprelinde Fransiýada Disneýlend dynç alyş seýilgähi
açyldy. Wolt Disneý kompaniýasynyň dynç alyş seýilgähleri kompleksi Parižiň 32
km gündogarynda ýerleşýän Marne-la-Walaýda ýerleşýär
. Seýilgähiň meýdany takmynan 1943 gektar. Orta hasap bilen Pariždaky
Disneýlende ýylda 12,5 million adam gelýär.
Disneýlendiň territoriýasynda iki tematiki seýilgähi Disneyland Park
seýilgähi (1992-nji ýyldan bäri) we Walt Disneý studiýasy seýilgähi (2002-nji
ýyldan bäri), göwün açyjy seýilgäh Disney Village, golf meýdançasy üçin Golf
Disneylend, şeýle hem myhmanhanalar, işewürlik we ýaşaýyş ýerleri bar.