Gaýtadan işleýän çeşmelerden alnyp,arassa we has elýeterliligi bolan deňiz
ýeli energetikasy , gazylyp alynýan ýangyçdan öňe geçdi. Ýewropa birnäçe uly,
ýaşyl elektrik desgasyny işe girizmäge taýýarlanýar. Olaryň arasynda
Gollandiýanyň kenaryndan 22 km uzaklykda ýerleşýän Demirgazyk deňzindäki
Borssele 1 & 2 ýel elektrostansiýasy bar.
94 sany turbina 14-40 metr çuňlukda deňiz düýbüne birikdirilýär. Bu desga
Gollandiýadaky iň uly deňiz ýel elektrostansiýasydyr.
Gurluşyk taslamasynyň menejeri Klaasap Buis şeýle düşündirýär: "Bu kabel
deňiz düýbüniň üstünde ýerleşýär. Geljekki wyşkanyň düýbüne ugrukdyrylýar, şol
ýerde, aşakda berkidilýär we soňra paýlaýjy şit bilen birikdiriler. Ýokardaky
minarany turbina bilen berkideris we gurnama taýýar bolar ".
Bu ýel elektrostansiýasy bir million Gollandiýaly maşgalany elektrik bilen
üpjün eder. Şeýle hem, deňizdäki kärhanalary, mysal üçin, ekologiýa taýdan arassa
wodorod öndürmek üçin täze elektroliz zawodyny hem üpjün eder.