Roraýma dagy Wenesuelanyň, Braziliýanyň we Gaýananyň serhetlerinde
ýerleşýär. Gadymy tebigy emele gelişiň iň beýik nokady deňiz derejesinden 2700
metr belentlikde ýerleşýär. Roraýmanyň sammiti 34 inedördül metr. km. Bu
hakyky ýitirilen dünýä, onuň beýany Artur Konan Doýlyň, dagyň ady bilen
birmeňzeş romany ýazmagyna ylham bermegi ýöne ýerden däl.
Roraýma ýüzlerçe endemiki haýwanlaryň we ösümlikleriň, ýagny Ýeriň
başga bir ýerinde tapylmaýanlaryň mekanydyr. Olardan biri, howp abananda
ýumagy bilen daşa togalanýan, düwürtikli geň gara gurbagadyr. Onuň ady
Gwianskiý arlekin . Roraýma, golaýlaşyp bolmaýanlygy sebäpli mydama syrlar
bilen örtülen ýerdir. Ýerli hindiler oňa rowaýatlarynda esasy rol beripdirer. Belki,
bu dagyň gadymylygy bilen baglanyşyklydyr. Ol 2 milliard ýyldan gowrak bolan
ýeriň, dokembrian gaýalaryndan emele gelýär.