Ol özüniň uzyn boýunyň durmuşdaky aýratynlyklary barada gürrüň berýär.
Dünýäniň iň uzyn adamy hökmünde tanalýan Türkiýeden Soltan Kösen, ýanyndaky adaty ululykdaky zatlaryň gaty kiçi, hatda kiçijikdigini görkezýän wideorolikleri düşürýär.
Boýy 251 sm bolan adam, öz durmuşyndaky gapma-garşylyklaryny görkezýän blog açdy. Soltan üçin adaty oturgyçda adaty stolda oturmagyň özi hem aýratyn wakadyr.Gazlandyrylan içginiň bir bankasy Kösene çaganyň paýy, aýalyň eliniň aýasy bolsa çaganyň eliniň aýasy ýaly görünýär. Dünýädäki iň kiçi adam bilen deňeşdirilende, Soltan hakyky äpet adam ýaly bolup görünýär.
Köseniň uzyn boýy gipofiziň çişi bilen baglanyşyklydyr. Onuňe ene-atasy orta boýly. Soltan 2009-njy ýylda 247 sm uzynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.Ol şondan bäri ýene 4 sm ulaldy. Häzir Soltan 38 ýaşynda, öýlenmedik we ene-atasy bilen fermada işleýär.