Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň
parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän döwletli
işleriniň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly
ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere
beslenýär. Ine, şeýle şanly senelerimiziň biri-de aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde
türkmen alabaýynyň we ahalteke bedewleriniň baýramy uly şatlyk-şowhun, dabara
bilen bellenilip geçiler. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Ahalteke
bedewi”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Behişdi bedewler”, “Türkmen alabaýy”
ýaly kitaplaryndan ugur alyp, biziň döwlet çeperçilik akademiýamyzda
“Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda ahalteke bedewleriniň we türkmen
alabaýlarynyň keşbi” atly sergisi açyldy. Bu sergide şekillendiriş sungatynyň dürli
görnüşlerinden ýaş suratkeşlerimiz, zergärlerimiz, heýkeltaraşlarymyz özleriniň
ajaýyp türkmen alabaýlaryny we ahalteke bedewlerini wasp edýän döredijilik işleri
bilen gatnaşyp, “Türkmenistanyň ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň” we
“Kärdeşler arkalaşyklarynyň” baýrakly sowgatlaryna mynasyp boldular.
“Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy
bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler” — milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň bu sözleri eseriň mazmunyny we gymmatyny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmen alabaýy” atly
kitaby birnäçe bölümden ybarat bolup, onuň “Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!”,
“Ilkinji hem ynamdar syrdaş”, “Çagalyk dosty — wepaly dost”, “Wepalylygyň
hem-de batyrlygyň keşbi” hem-de “Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli
döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim” diýen bölümleri hormatly
Prezidentimiziň oý-pikirlerini beýan edýär.
Alabaýlar tebigaty boýunça özbaşdak we garaşsyzdyr. Munuň şeýle
bolmagy olaryň terbiýelenmeginiň aýratynlyklary bilen şertlenendir. Olar nätanyş
adamlara hüşgärlik bilen garaýarlar, ýöne şunda alabaýlar maşgala agzalaryna,
aýratyn-da, çagalara örän hoşniýetlidir. Türkmen alabaýy çagalaryň ene-atalary
ýok wagty olara yhlasly we sabyrlylyk bilen esewan bolýarlar. Türkmen
alabaýlarynyň şu häsiýetlerini döredijilik adamlary öz eserlerine siňdiripdirler.
Biziň döwlet çeperçilik akademiýamyzda açylan “Şekillendiriş we amaly-haşam
sungatynda ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň keşbi” atly sergä
grafika kafedrasyndan Mahym Atakowa özüniň “Meniň dostlarym”, “Körpejeler”,
“Eje şulary alaýaly”, “Öýkelejik” ýaly ajaýyp işleri bilen sergä gatnaşýar. Ol bu
döredijilik eserlerini kagyzyň ýüzünde pastel boýagy bilen ýerine ýetirip,
eserleriniň ählisinde owadan, wepaly türkmen alabaýlaryny wasp edýär. Mahym
eserleriniň aglaba böleginde kiçijek türkmen alabaýyny şekillendirýär. Ýaş
suratkeş türkmen alabaýlarynyň anatomiýasyny gowy öwrenip, örän ussatlyk bilen
ýerine ýetiripdir. Mundan başga-da akademiýamyzyň göreldeli talyplarynyň ýene
biri Gülälek Rozmyradowa “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp işi bilen döredijilik
sergisine gatnaşýar. Gülälek bu eserini kendiriň ýüzünde akril boýagy bilen ýerine
ýetiripdir. Ol türkmen alabaýynyň ähli häsiýetini, onuň owadanlygyny,
wepalylygyny kendire geçirmegi başarypdyr. Ýaş suratkeşler diňe bir şekillendiriş
sungaty boýunça işlemän eýsem, amaly-haşam sungatynyň “Halyçylyk” hünäri
boýunça-da birnäçe işleri ýerine ýetiripdirler. Olardan Annageldi Hojaberdiýew
özüniň “Alabaý” atly gobelen işi bilen sergä gatnaşýar. Onuň bu döredijilik eseri
özüniň owadanlygy we nepisligi bilen tapawutlanýar. Onda şekillendirilen türkmen
alabaý iti edil, hakyky ýaly janlandyrylýar. Türkmen alabaýynyň duýgurlyk
häsiýetini onuň ýüzüne bermegi başarypdyr we gobelen sungatyna siňdiripdir. Bu
döredijilik sergisine diňe bir akademiýamyzyň talyplary däl-de eýsem, ýokary
okuw jaýymyzyň mugallymlary, ony dynan ýaş uçurymlarymyz, şeýle-de
hünärmenler we erkin döredijilik işgärleri-de gatnaşýar. Olardan Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap häkimliginde işleýän ýaş hünärmen Ýusup Gulow özüniň “Alabaý”
atly ajaýyp haly eserini döredijilik sergide sergileýär. Onuň bu eseri orta ululykda
bolup, halynyň eriş-argaç çitimleri özüniň nepisligi bilen haýran galdyrýar. Halyda
şekillendirilen türkmen alabaýy howpuň gelýänini duýýan ýaly bir tarapa seredip
duran pursaty görkezilýär. Halyda ulanylan açyk reňkler türkmen tebigatyny wasp
edýär. Bu eser özüniň nepisligi we türkmen alabaýynyň owadanlygy bilen haýran
galdyrýar.
Bize döredijilik işlerimizi açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip
beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, onuň jany sag,
alyp barýan tutumly işleri mundan-da beýläk rowaç alsyn!
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Öwezowa Ogulgözel