22 ýaşly hüjümçi parižlileriň teklibini ret etdi we topar bilen şertnamany
uzaltmak islemeýär. Mbappe «Realda» oýnamaga hyýallanýar we klubuny eýýäm,
2021-nji ýylyň tomsunda üýtgetmek isleýär. Mbappe-iň PSŽ bilen häzirki
şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsunda gutarýar.
7-nji aprelde Mbappe Çempionlar ligasynyň, “Bawariýa” garşy çärýek final
oýnunda dubly bilen bellendi. Parižliler ilkinji duşuşykda 3-2 hasabynda ýeňiş
gazandy. Mbappeniň hasabynda turniriň sekiz oýnundan sekiz goly bar.
2-nji aprelde Realyň häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat futbolçysy
hasaplanýan Mbappeni satyn almaga taýýardygy habar berildi. Hüjümçini satyn
almak üçin "Real" oýunçylaryň tutuş topary bilen hoşlaşmaga taýyn.
Transfermarkt.de portaly Mbappe-iň bahasynyň 180 million ýewrodygyny
çaklaýar. Ol 2017-nji ýyldan bäri PSŽ-de oýnaýar. Parižlileriň düzüminde iki
gezek ýurduň çempiony boldy. 2018-nji ýylda hüjümçi Fransiýanyň milli
ýygyndysynda dünýä çempiony boldy.