Ilon Maskyň Neuralink neýrointerfeýslarynyň işläp taýýarlaýjysy,
kellesindäki implantanyň kömegi bilen “Pong” oýnaýan we telewizoryň ekranynda
kursory dolandyrýan wideo düşürdi. Dokuz ýaşly Peýjer atly maýmyna, synagdan
alty hepde öň çip oturdypdy.
Ilki bilen maýmyna joýstik bilen işlemegi we ekranda ýönekeý hereketleri
etmegi öwretdiler. Şondan soň joýstigi aýyrdylar we maýmynyň özi implantanyň
kömegi bilen kursory dolandyrdy we Pong oýnady. Höweslendirmek üçin oňa suw
içilýän turbajyklaryň kömegi bilen banandan smuzi berildi.
Wideo görkezilenden soň, Ilon Mask Twitterde Neuralink enjamlarynyň
ysmaz adamlara smartfonlary pikirleri bilen barmaklaryny ulanmakdan-da has çalt
ulanmagyna kömek etjekdigini ýazdy. Şeýle hem, jenap Mask çipiň geljekki
wersiýalarynyň ysmaz adamlara ýene ýöremegine kömek eder diýip garaşýar.