Diş lukmany Kanadanyň Piterboro şäherinde ýaşaýan sekiz ýaşly oglanjygyň
görlüp-eşidilmedik uzynlykdaky süýt dişini gopardy- 2,6 santimetr.
Bu dişiň ululygy Luk Boultonyň maşgalasyny-da, klinikanyň lukmanyny-da
haýran galdyrdy. Oglanyň kakasy Kreýg Boulton Kanadanyň PTBO-a beren
teswirinde "Bu dişiň kimdir biriniň agzyndadygyna düşünmek birneme gorkunçdy"
-diýdi.
Lýukyň Leýa atly dogany bu dişiň dünýäde iň uzyn diş bolup biljekdigini
çaklady. Boultonlar dünýä rekordyna ýüz tutmak kararyna geldiler we
ýalňyşmadylar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri bu üstünligi tassykladylar
we eýýäm degişli şahadatnamany taýýarladylar.
Iň uzyn süýt dişi Rekordlar kitabyna girdi
